Eýranyň Prezidenti sünni bir adamy özüne maslahatçy edip belledi

Eýranyň Prezidenti sünni bir adamy özüne maslahatçy edip belledi

Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, sünni-kürt Abdusselam Kerimini, Din işleri we messep azlyklary bilen Etniki toparlardan jogapkär maslahatçysy edip belledi.

Eýranyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanata görä, Ebrahim Raisi, Senendek şäherinde dogulan Abdusselam Kerimini öz maslahatçysy edip belledi.

1967-nji ýylda Senendek şäherinde dogulan we Arap dili we edebiýaty bölüminde doktorantura okan Abdusselam Kerimi, etrap häkimi, rektor we biri-birinden tapawutly wezipelerde işläninedn soň, Senendek şäherindäki Ymam Şafii Yslam ylymlary ýokary hünär merkezinde müdür bolup işledi.

Eýranyň maşhur sünni alymlaryň biri bolan Mewlewi Abdulhamid Ismailzehi, Prezident saýlawynda Ebrahim Raisini goldapdy.

Takmynan 83 million adamyň ýaşaýan Eýranda resmi bolmadyk görkezijilere görä ilatyň takmynan 15 milliony sünni messepine degişlidigi aýdylýar.

Eýrandaky sünniler wagtal-wagtal konstitutsion hukuklaryň berilmegini talap etseler hem döwletiň bu talaplara ähmiýet bermeýändigi bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Täjigistana sapar edýär: Türkmen-täjik gatnaşyklarynda täze sahypa açylýarmy?
DT: Etniki türkmenler öz gonamçylyklaryna häkimiýetler tarapyndan ýykylmak howpunyň abanýandygyny aýdýar
"Biziň Taryhymyzda Gyrgynçylyk, Etniki Arassaçylyk Ýaly Tegmil Ýok
Kiýewiň Şäher Häkimi Russiýany Etniki Arassaçylyk Etmekde Günäkärledi
HAD, Ermenistandan Azerbaýjanlylara Garşy Etniki Diskriminasiýanyň Öňüni Almagyny Isledi
Türkiýäniň Söwda ministri Yrakda saparda bolýar