Azerbaýjan serhedinde Aliýew bilen bilelikde bendiň açylyşyna gatnaşandan soň Töwrize gaýtmak üçin uçan Eýranyň Prezidenti Raisiniň dik uçar heläkçiligine uçramagy netijesinde Ebrahim Raisi we Daşary işler ministri Abdullahiýan bilen bilelikde ýokary derejeli resmileriň ählisi pida boldy.
Dik uçaryň ýere gaçmagyndan soň Eýranyň halas ediş toparlary uzak wagtlap dik uçaryň harabalygynyň ýerini anyklap bilmändigi sebäpli Türkiýeden kömek soramaly boldy.Türkiýe şol çagyryşa dessine jogap berip, “AKYNJY” uçarmansyz howa hüjüm ulagyny gözleg üçin ugratdy.
Türkiýäniň şol başlangyjy uly seslenme döreden bolsa, millionlarça adam “Anadoly” habarlar agentligi we “FlaghtRadar24” ýaly platformalardan göni ýaýlymda “Akynjynyň” dik uçary tapyş tapgyryna syn etdi. Ýere gaçan dik uçaryň heläkçiligemi ýa-da sabbotaža sezewar bolandygy näbelli bolmagynda galýar.
SETA-nyn Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň teme boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi iki ýurduň serhedinde Gyz Galasy we Hudaferin bentlerini açdylar.Azerbaýjan serhedinde Aliýew bilen bilelikdäki bent açylyşyndan soň Töwrize dolanmak üçin uçan Eýranyň Prezidenti Raisiniň dik uçary bilen aragatnaşygyň kesilmegi halkara derejesinde üns merkezine öwrüldi.
Eýran tarapyndan çapraz beýanatlaryň berilmegi we Raisi hakynda anyk maglumatyň bolmazlygy işiň çynlakaýdygyny görkezýärdi.Netijede Prezident Raisi we Daşary işler ministri Abdullahiýan bilen bilelikde ýokary derejeli resmileri alyp gaýdan dik uçaryň ýere gaçandygy anyklandy.
Eýranyň döwlet guramalary we halas ediş toparlary birnäçe sagatlap dik uçaryň gaçan ýerini anyklap bilmändigi üçin Türkiýeden kömek soramaly boldular.
Türk Goranmak ministrliginiň beýan etmegine görä eýranlylaryň isleg bildirmegiden soň gysga möhletde sebite gije görüş ulgamly dik uçar bilen “AKYNJY” uçarmansyz howa hüjüm ulagy ugradyldy.
“AKYNJY” ulagy gysga möhletde sebite baryp, gözleg-halas ediş işlerine gatnaşdy. “AKYNJY-nyň” ýaýradan wideolarynda sebitde howa şertleriniň ýaramazdygy, tupan we ümür sebäpli gözleg işiniň agyrlaşandygy görülen bolsa, “SAT.jom” bilen “TürkSAT” hemralarynyň goldaw bermegi netijesinde termal we beýleki ulgamlar arkaly “AKYNJY” Raisiniň ýere gaçan dik uçarynyň harabalygyny tapmagyň hötdesinden geldi we koordinatlaryny Eýranyň degişli resmilerine berdi.
Ertiriň irki sagatlarynda harabalyk tapyldy we dik uçardaky ýolagçylaryň ählisiniň ölendigi anyklandy.
Sabbotažmy-Heläkçilikmi?
Raisiniň dik uçary ýaramaz howa şertleri sebäplimi ýa-da sabbotaž bilen düşürildimi?Henize belli zat ýok.Eýranyň degişi edaralary ünslilik bilen işläp, kesgitlärler.Elbetde sabbotaž bolsa ýada ilki bilen Ysraýyl düşýär.
Bilşiňiz ýaly Gaza hüjümleriň başlamagyndan soň Eýran bilen Ysraýylyň arasynda ilki wekilçilikli güýçler, soň bolsa gönüden harby çaknyşyklar başdan geçirildi.Emma Eýranyň göräýmäge güýçli hüjümlerine Ysraýyl sözüň doly manysynda gaýtawul görkezmändi.
Ysraýylyň resmileri wagty gelende Eýran jogabymyzy görer, diýýärdiler.Emma Raisiniň dik yçarynyň azyndan 30 ýyllyk, ýaramaz howa şertlerinde uçmak üçin ýeterlik tehniki üpjünçilige eýe bolmandygy hem bilinýär.
Netijede sabbotžj bolup bolmandygy tehniki barlaglaryň netijesinde ýüze çykar. Emma nähili bolanda-da Eýran döwletiniň ukyby taýdan tankytlar güýçlener. Hem dik uçaryň tehniki taýdan pesligi hem-de halas ediş işlerindäki ejizlik we Türkiýeden kömek soramaga mejbur bolmaklary taýdan tankydy bellikler bolar.
Meselä Türkiýe taýdan ser salanynan bolsa ynsanperwer taýdan goňşulyk borjuny berjaý eden ýurt görünýär.Eýranyň degişli kömek talabyna dessine jogap berildi we ähli tehniki şertlerden peýdalanyldy. Şeýle hem “AKYNJY” uçarmansyz howa hüjüm ulagynyň we TürkSat hemralarynyň üstünlikleri bolsa global derejede ünsleri çekip, türk goranyş senagatynyň ýeten derejesini ýene-de bir gezek görkezdi.
Dünýäde Türkiýäniň eýe bolan ukybyna ABŞ ýaly birnäçe ýurduň eýedigini hem nygtamak ýerlikli bolsa gerek.