12-nji maýda Tähranda Türkmenistanyň DIM-niň başlygy Reşit Meredowyň eýranly kärdeşi Jawad Zarif (Javad Zarif) we Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani (Hassan Rouhani) bilen duşuşygy boldy.
Zaifiň duşuşyk mahalynda aýtmagyna görä, eýran-türkmen gatnaşyklaryny mundan aňryk hem ösdürmegiň öňünde hiç hili päsgelçilik ýok diýip, Eýranyň MEHR habar agentligi habar berýär.
Prezident Ruhaniniň sözlerine görä, Eýran ýol gurmak boýunça şertnamalaryny ýerine ýetirmäge we Türkmenistana tehniki we inženerçilik hyzmatlaryny hödürlemäge taýýar. Mundanam başga, Eýranyň baştutany transport we söwda pudagy boýunça ylalaşyklara gol çekmäge, şeýle-de alyşmak esasynda gaz we elektrik tranziti ylalaşygyny baglaşmaga gyzyklanma bildirdi.
Şu ýylyň mart aýynyň aýagynda, Hasan Ruhaniniň Aşgabada eden resmi sapary mahalynda hem ol prezident Berdimuhamedowa eýran kompaniýalarynyň bilelikdäki ýol gurluşygy proýektlerine gatnaşmagyny teklip edipdi.
Türkmenistanyň DIM-niň başlygy hem, öz gezeginde, Eýran bilen dürli ugurlar boýunça özara bähbitli uzak möhletli ylalaşyklara taýýardygyny bildirdi.
Duşuşygyň soňunda Ruhani prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Eýrana sapara çagyrdy.
Eýran ozal iberilen türkmen gazynyň bahasyny barter usulynda, öz harytlaryny we hyzmatlaryny hödürlemek, şol sanda ýol gurup bermek bilen töledi.
Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy Hamid Reza Araki (Hamid-Reza Araqi) apreliň aýagynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň üstünlikli boljagyna şübhe bildirdi we Türkmenistana alyşmak arkaly Pakistana gaz ibermek ylalaşygyny teklip etdi.
2016-njy ýylyň aýagynda, “Türkmengaz” EMGK-dan $1,8 milliard möçberinde gaz bergisini tölemegini talap edeninden soň, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz dawasy turdy.
Eýran metbugatynyň habar bermegine görä, uzaga çeken gepleşiklerden soň taraplar özara ylalaşyga geldi.Emma muňa garamazdan, Türkmenistan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Eýrana gaz ibermegini bes etdi.