Eýranyň Prezidenti: "Janyna kast ediş jogapsyz galmaz" diýdi

Eýranyň Prezidenti: "Janyna kast ediş jogapsyz galmaz" diýdi

Eýranyň Döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan paýtagt Tähran şäherine sapar guran Iordaniýanyň daşary işler ministri Eýmen as-Safedini kabul etdi.

Duşuşykda Eýranda resmi myhman hökmünde bolan Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Heniýäniň janyna kast edilmeginiň halkara hukugyň düzgün bozmasydygyny aýdan Mesud Pezeşkiýan, Heniýýäniň janyna kast edilmegi bilen bagly bolsa: "Ysraýyl režiminiň jogapsyz galmajak uly bir ýalňyşlygy" hökmünde häsýetlendirdi.

Pezeşkiýan: "Sionistleriň bu tekepbirligi jogapsyz galmaz" diýip belledi.

Eýranyň daşasy syýasatynyň sebitde we dünýäde durnklylygy ileri tutýandygyny aýdan Pezeşkiýan, Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleriniň duruzylmagy üçin Yslam ýurtlarynyň bilelikde hereket etmeginiň ähmiýetini nygtap geçdi.

Sebitde artan dartgynlygy peseltmek üçin Eýrana sapar gurandygyny aýdan Safedi bolsa, Iordaniýanyň Şasy II Abdullah tarapyndan, Tähran bilen Ammanyň arasyndaky düşünişmezçilikleriň hötdesinden gelinmegi üçin açyk we anyk bir diýalogy ýola goýmagy tabşyrylandygyny beýan etdi.

Iordaniýanyň Şasy II Abdullahyň salamyny we wezipesinde üstünlikler dilegini ýetiren Safedi: "Iordaniýa Sionist režiminiň Gazadaky wagşyçylykly agressiýasyny iň başyndan bäri ýazgardy" diýip aýan etdi.

Ysraýylyň Heniýýä garşy guran hüjümini hem ýazgarandyklaryny aýdan Safedi, Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň janyna kast etmek bilen sebitdäki çaknyşyklaryň gerimini giňeltmek isländigine ünsleri çekdi.

Ýene degişli makalalar

BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Netanýahu: "Ysraýyla kyn günler garaşýar" diýdi
Hakan Fidan: "Netanýahu ABŞ-ny zamun aldy" diýdi
Türkiye Hamasyň Lideri Ismail Heniýýeniň Öldürilmegini Ýazgardy