Eýranyň prezidenti ABŞ-na we Ýewropa reaksiýa bildirdi

Eýranyň prezidenti ABŞ-na we Ýewropa reaksiýa bildirdi

Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan ABŞ-ly we Ýewropaly liderleriň Eýranyň Hamasyň syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýeniň janyna kast edilmegine garşylyk görkezmän halatynda, Gazada ýaraşygy ýola goýjakdyklary baradaky wadalaryny ýerine ýetirmändiklerini mälim etdi.

Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan düýn agşam geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde çykyş etdi.

Ysraýylyň sebitdäki agressiýasyna we Günbatardaky tarapdarlary barada söz sözlän Mesud Pezeşkiýan: "Sionist režiminiň jenaýatlary kabul edilmez we jogapsyz galmaz" diýip belledi.

Pezeşkiýan: "Şehit Heniýýe jenaýatyna Eýran jogap bermän halatynda ýaraşygyň ýola goýuljakdygy barada wada beren ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň liderleriniň öňe sürmeleri dolulygyna ýalandyr. Bular ýaly görnüşli jenaýatlara pursat bermek, olary has köp jenaýat etmek üçin höweslendirmekden başga peýda getirmez" diýip nygtady.

Eýran 31-nji iýulda paýtagt Tähran şäherinde Hamasyň syýasy býurosynyň lideri Ismail Heniýýe jenaýatyndan soň Ysraýyla garşylyk görkezjekdigi barada karar kabul edipdi.

Beýleki tarapdan, Tähranyň Gazada Ysraýylyň hüjümleriniň hemişelik togtadylmagynyň ýerine hüjüm guramak niýetinden ýüz öwürjekdigi baradaky öňe sürmeler orta atylypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Ysraýylyň Daşary Işler Ministrine Berk Garşylyk Görkezdi
"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
Ysraýylyň Eýrana Guran Hüjümi…
Ysraýylyň hüjüminde ölendigi öňe sürülen serkerde peýda boldy
ABŞ-nyň Eýrana Haniýýa Jenaýatyna Gatnaşan 10 Içalynyň Adyny Berendigi Öňe Sürüldi
Pezeşkiýan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy