Eýranyň Prezidenti 22-24-nji aprelde Pakistana barar

Eýranyň Prezidenti 22-24-nji aprelde Pakistana barar

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi 22-24-nji aprelde resmi sapar bilen Pakistana barar. Bu barada Pakistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi diýip, Report.az ýazýar.

Raisiniň ýanynda sapar wagty aýaly hem-de ýurduň ýokar wezipeli ýolbaşçylaryndan ybarat bolan wekilçilikli topar bolar. Toparyň düzüminde EYR-niň DIM-niň başlygy Hoseýn Amir Abdollahiýan we hökümetiň beýleki agzalary, şeýle-de işewürler bar.

Saparyň dowamynda Eýranyň döwlet Baştutany Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari we Premýer-ministr Şahbaz Şarif bilen duşuşar. Raisi şeýle-de Lahora we Karaçä barar.

Sapar wagtynda eýran-pakistan gatnaşyklaryny ösdürmek, söwda, aragatnaşyk, energetika, oba hojalyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy berkitmek barada pikir alşylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň duşuşygy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy
Raşid Meredow Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdi
Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal