Eýranyň Mejlisiniň ozalky başlygy Ali Larijani 18-nji iýunda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgärlik üçin ýüz tutdy.
Paýtagt Tährandaky İçeri işler ministrliginiň binasynda ýerleşýän saýlaw merkezine ýüz tutan Larijani, ýurduň başdan geçirýän kynçylyklarynyň çözülmegi üçin içginlik bilen tagalla etjekdigini aýtdy.
Soňky pursatda dalaşgärlik üçin ýüz tutmak barada karar kabul edendigini we garaşsyz dalaşgär hökmünde saýlawlara gatnaşjakdygyny aýdan Larijani, gurjak hökümetiniň Prezident Hasan Ruhaniniň dowamy bolmajakdygyny belledi.
Eýranda 18-nji iýunda geçiriljek saýlawlar üçin ýurduň ozalky prezidenti Ali Akber Haşimi Rafsanjanniniň ogly Muhsin Haşimi we Töwriz halk deputaty Mesud Pizişkitan dalaşgärlik üçin ýüz tutupdy.