Eýranyň “Zargos Airlines” raýat uçar şirketiniň uçary içinde 170 ýolagçy bilen Özbegistana ýola düşende, Türkmenistan bilen araçäkden yzyna dolanmaga mejbur boldy. Çünki, Türkmenistan öz howa giňişligi arkaly uçuşa rugsat etmedi diýip, Iran International neşiri ýazýar.
Bir ýolagçynyň sözlerine göra, uçuş wagtynda kapitan Türkmenistanyň howa giňişligi arkaly uçuşy gadagan etmek hukugyny ulanmagynyň sebäbini töleg boýunça karzyň bardygy bilen ilteşiklidigini düşündirdi. Soňra bu maglumaty resmi wekil hem tassyklady.
Tährandan howa giňişligine galan “Aerobus A320” kysymly uçar Türkmenistan bilen serhetde birnäçe aýlaw etdi we araçäkdäki Meşhet şäherine gondy. Emma,bu ýerde ýolagçylar başga bir problema bilen ýüzbe-ýüz boldylar.Olar Tährandan ýola düşende, pasportlaryna ýurtdan çykdy diýlen belgi goýlupdy. Şonuň üçinde, ýolagçylar uçardan çykyp bilmediler.
Flightradar -ň maglumatyna görä, uçar Meşhetde 8 sagatlap durdy we şondan soňra türkmenistanyň howa giňişligi arkaly Özbegistana ýoluny dowam etdirdi.
“Zargos Airlines” howa ýolunyň baş ýolbaşçysynyň Tansim, habar gullugyna aýtmagyna görä, raýatlara uçardan çykmaga we tranzit zalda garaşmaga rugsat edildi.
Bu ýerde ýolagçylara nahar we içgiler berildi.
Onuň sözlerine laýyklykda, “Zargos” 72 sagat owalyndan uçuşa rugsat aldy. Emma, Türkmen tarapy gadaganlyk barada habar bermedi. ( Bular parsçadan Google Translate arkaly rusça terjime edildi we ýalňyş bolmagy ähtimal) .
Şol wekiliň aýtmagyna görä, adatça, Türkmenistan howa giňişligini ulanmaga rugsat berýändigi barada töleg etmek üçin her 3-4 aýdan bir çek iberipdir. Bu bolsa, wagtynda töleg etmäge mümkinçilik beripdir. Ahyrky sapar Eýranyň uçar şirketi geçen ýylyň oktiýabryndan şu ýylyň mart aýyndaky uçuşlar üçin 5200 dollar töleg edipdi.
Maglumatlara laýyklykda,Eýranyň Özbegistandaky ilçihanasynyň we Özbegistanyň Eýrandaky ilçihanasynyň çinownikleriniň arasyndaky köp gepleşikden soňra problema çözüldi.
Türkmen tarapy lisensiýanyň täzeden işe girizilmegi we aprel, maý aýlaryna 3200 dollar tölegiň edilmegi üçin azyndan 45 minut wagt berdi.
“Zargosyň”başlygynyň pikiriçe, eger Türkmen tarapy öz wagtynda duýduryp, hasaby iberen bolsady, onda problemanyň öňüni alyp bolardy.Munuň bilen bagly şirket Türkmenistanyň raýat howa ýollary edarasynyň wekilleriniň professional däl hereketlerine protest etmekçi.The post Eýranyň howa ýollary şirketi öz territoriýasy arkaly uçaryny goýbermekden boýun gaçyrandan soňra Türkmenistany hünärsizlikde aýyplady first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.