Eýranyň Halky 9-njy Prezidentini Saýlamak Üçin Ses Berýär

Eýranyň Halky 9-njy Prezidentini Saýlamak Üçin Ses Berýär

Eýranly saýlawçylar ýurduň 9-njy prezidentini saýlamak üçin ses berýär.

Prezident Ebrahim Raisiniň 19-njy maýda dikuçar heläkçiliginde ýogalmagy sebäpli 1 ýyl öň geçirilýän prezident saýlawy ýerli wagt bilen 08.00-da başlady.

Bellige alynan 62 million saýlawçy, 59 müňden gowrak saýlaw merkezinde sagat 18.00-a çenli ses berer.

4 ýyl möhlet bilen iş alyp barýan prezident iň köp yzly-yzyna 2 gezek bu wezipä saýlanyp biler.

Haýsydyr bir dalaşgär birinji tapgyrda saýlanmak üçin 50+1 ses almaly.

Birinji tapgyrda ýeterlik ses alynman halatynda iň köp ses alan 2 dalaşgär ikinji tapgyrda bäsleşer.

5-nji iýulda geçiriljek ikinji tapgyrda iň köp ses alan dalaşgär ýurduň 9-njy prezidenti bolar.

Ýene degişli makalalar

Eýran Täze Prezidentini Saýlamak Üçin 28-nji Iýunda Saýlaw Geçirer
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň indiki garşydaşy Indoneziýa 9:0 hasabynda ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynda Taýwany uly hasap bilen ýeňdi
Aýbek Tatanow: Merw ýeňşi janköýerleri bilen bile gazandy
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi
Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy