Eýranyň Gyzyl Ýarym Aý jemgyýeti ýurduň Prezidentiniň dikuçarynyň tapylandygyny habar berdi

Eýranyň Gyzyl Ýarym Aý jemgyýeti ýurduň Prezidentiniň dikuçarynyň tapylandygyny habar berdi

Şu gün Eýranyň Gyzyl Ýarym Aý jemgyýetiniň başlygy Pir Hoseýn Koliwand ýurduň Prezidenti Raisiniň kynçylykly gonan dikuçarynyň tapylandygyny mälim etdi diýip, TASS habar berýär.

Ol IRIB teleýaýlymynda Dikuçar tapyldy, biz oňa golaýlaýarys diýdi. Koliwand: Dikuçary görýäris, oňa 2 kilometr töweregi aralyk galdy, halas edijiler oňa birnäçe minutdan ýeterler diýip, sözüniň üstüne goşdy. Ol şeýle-de dikuçaryň ýagdaýyny oňat diýip atlandyryp bolmajakdygyny aýtdy diýip, TASS ýazýar.

ISNA, Mehr, Fars we Tasnim habarlar gulluklary Raisiniň dikuçarynyň baýryň ýapgydyndaky gür agaçlaryň arasynda bölekleýin görünýän suratyny öz sahypalarynda ýerleşdirdiler.

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň Mi-171 dikuçary Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bilelikde iki ýurduň serhedinde suw howdanynyň açylyş dabarasyna gatanaşyp, Watanyna gaýdyp gelýärkä, serhetýaka Julfa şäheriniň golaýynda kynçylykly gondy.

Dikuçarda Gündogar Azerbaýjanyň gubernatory Aýatolla al-Haşim we Eýranyň daşary işler ministri Amir Abdullahýan hem bardy.

Biz ozal bu waka bilen baglylykda, Türkmenistanyň Eýrana zerur bolan kömegi bermäge taýýardygyny habar beripdik.

Habar täzelenýär.

Ýene degişli makalalar

Pezeşkiýan ýakyn günlerde kasam kabul eder
Eýranyň Prezidenti Raisi dogduk şäheri Maşatda ýerlendi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy
Abbas Aragçi Eýranyň täze daşary işler ministri bolup biler
Eýranda ýer titreme boldy
Eýranda Prezident saýlawlarynda öňdeligi eýeleýän dalaşgär belli boldy