
Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA tarapyndan berilen beýanata görä "1402 Hökümet" diýip atlandyrylan Guryýer güýçleriniň türgenleşigine raketa, artilleriýa, howa, pyýada, sowutly, harby-desant, elektron söweş we häzirki zaman söweş birikmeleri gatnaşýar.
Yspyhan welaýatynyň Nasrabad sebitinde geçirilýän we 2 gün dowam etjek türgenleşige, 200-den gowrak ýük we söweşjeň dikuçarlar bilen Harby-howa güýçlerine degişli birikmeler hem goldaw berýär.
Türgenleşikde Guryýer güýçleriniň söweş we howplara garşy goranyş mümkinçilikleri gözden geçiriler.