Tähran bilen Aşgabadyň arasynda türkmen gazyny alyş-çalyş arkaly Pars aýlagy ýurtlaryna eksport etmek baradaky gepleşikler dowam etdirilýär. Bu barada IRNA Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) başlygy Hamid Reza Araki gürrüň berdi.
Arakiniň sözlerine görä, häzirki pursatda taraplar Türkmenistandan Yraga, Türkiýä, Azerbaýjana we Ermenistana alyş-çalyş arkaly gaz ibermek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Netijede, Eýran alyş-çalyş arkaly Türkmenistandan Yraga we Türkiýä gaz ibermekden “gutarnykly” ýüz öwürdi.
Emma, türkmen gazyny Azerbaýjana we Ermenistana ibermekde problema ýok diýip, EMGK-nyň başlygy aýtdy.
Türkiýe we Yrak eýran gazynyň esasy importçysy bolup durýarlar. Tähran bu ýurtlara iberýän gazynyň möçberini artdyrmagy planlaşdyrýar.