Eýranyň öňki daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ýurduň strategiki meseleler boýunça wise-Prezidenti boldy. Onuň wezipä bellenýändigi barada çözgüt Prezident Masud Pezeşkiýanyň edarasy tarapyndan yglan edildi diýip, rg.ru ýazýar.
Zarif golaýda Prezident saýlawlarynda Pezeşkiýanyň iň golaý tarapdarlarynyň biri we onuň daşary syýasat meseleleri boýunça geňeşçisi boldy.