Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Yslam Eýranyň döwleti we halky kanuny hukuklaryndan geçmez

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Yslam Eýranyň döwleti we halky kanuny hukuklaryndan geçmez

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Yslam Eýranyň hökümeti we halky ýurduň garaşsyzlygy we mertebesi ýolunda şehit bolanlaryň ganynyň bereketine ezijileriň we zor aýdyjylaryň garşysynda durandyr we özleriniň kanuny hukuklaryndan geçmezler diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" şenbe güni Günorta Eýranyň Iňlis kolonializme garşy çydam hereketiniň beýik lideri şehit "Rais Ali Delwari" hatyrasyny gadyrlap Instagramda şeýle ýazdy: Kolonializme garşy göreş güni mujahit we batyrgaý häsiýeti şehit Rais Ali Delwariniň agressiw kolonialistlerine garşy göreşiň nyşanydyr.

Şu gün, 2022-nji ýylyň 3-nji sentýabry, Eýranyň günortasyndaky koloniýa garşy göreşiň beýik lideri Rais Ali Delwariniň şehit bolmagynyň ýyl dönümi we Eýranda Iňlis kolonializmine garşy göreşiň milli güni.

Rais Ali Delwariniň ýolbaşçylygyndaky Tangistanylar täsirli hüjümlerde Iňlislere agyr zarbalary urdylar we bu hüjümleriň birinde Rais Ali on bir hindi esgeri bilen birlikde iki sany ýokary derejeli Iňlis ofiserini öldürdi.

Bu ýeňişiň Harby ähmiýeti bolan bolsada, emma syýasy ähmiýeti has ýokary bolupdyr; Sebäbi bu adamlaryň Iňlislerden gorkusyny azaltdy we bu agressiw duşmanyň beýikligini olaryň aňynda döwdi.

Rais Ali Delwari (1882-1915) azatlygy söýýän adam we Eýranyň günortasyndaky Tangistanda we Buşerde Birinji Jahan Urşunda Iňlisleriň basyp alyjy we kolonizasiýa güýçlerine garşy aýaga galan iýlatyň lideridi.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystany demir ýollaryň uzynlygyny 8 müň kilometre ýetirmekçi
Ýewropa Troikasynyň konstruktiw däl beýanyna Eýranyň duýduryş bermegi
Kanani: Eýranyň üç adasy Eýranyň topragynyň aýrylmaz we baky bölegidir
Eýran Burkina-Fasonyň demirgazygyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Kanani Cafi: Zalymlykly sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy ýadro gepleşikleriniň esasy maksady
Soňky günlerde Tripolide bolan çaknyşyklara Eýranyň alada bildirmegi