Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, sanksiýalaryň ýatyrylmagynda galan meseleleri çözmek üçin ABŞ-nyň hökümetiniň Eýranyň belliklerine beren jogabyny alandygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" çarşenbe güni sanksiýalaryň ýatyrylmagynda galan meseleleri çözmek üçin ABŞ-nyň hökümetiniň Eýran Yslam Respublikasynyň pikirlerine bolan jogabynyň Ýewropa koordinatory arkaly alandygyny habar bermek bilen Amerikan tarapynyň teswirlerine jikme-jik syn başlandy we synlar tamamlanandan soň Eýran Yslam Respublikasy bu meselede öz pikirini koordinatora yglan eder diýdi.
Gepleşikleriň bu tapgyrynda Wena gepleşiklerinde Ýewropa Bileleşiginiň koordinatory "Enrike Mora" tarapyndan birnäçe teklip edildi.
Wena gepleşiklerine gatnaşýan ýurtlaryň köpüsi, Eýrana garşy edilýän zulumly we bikanun sanksiýalary ýatyrmagy maksat edinip, gepleşikleriň has çalt tamamlanmagyny isleýärler emma gutarnykly ylalaşyga gelmek, käbir galan meseleler boýunça Amerikanyň syýasy kararlaryna garaşýandyr.