Eýranyň daşary işler ministriniň Russiýa eden sapary

Eýranyň daşary işler ministriniň Russiýa eden sapary

Eýranyň daşary işler ministri Tähran bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dogry ýolda bolandygyny görkezdi we gatnaşyklary dürli ölçeglerde ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň we güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian geçen çarşenbe güni 31-njy awgustda, Moskwada ,Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygynyň ösýän tendensiýasyndan kanagatlanýandygyny aýdyp, Iki ýurduň arasyndaky söwdanyň mukdaryny ösdürmek üçin hyzmatdaşlygyň päsgelçiliklerini we problemalaryny aýyrmaly diýdi.

Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň taryhy uzyn bolsa-da, soňky ýyllarda sebit we halkara wakalar iki ýurdy dürli syýasy we ykdysady ugurlarda ýakynlaşdyrdy. Şoňa laýyklykda iki ýurduň häkimiýetleriniň geňeşmeleri yzygiderli dowam edýär, bu ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara meseleleriň giň toparyny öz içine alýar.

Eýran we Russiýa, Amerikanyň global agalyk edijiligine çynlakaý garşy çykýarlar; Günbatar Aziýadaky Amerikan bazalarynyň ýapylmagy, Daeşiň howpy we terrorçylyk bilen söweşmek, harby we ýarag hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly umumy bähbitler we soňky aýlarda Russiýanyň Ukrainadaky söweş sebäpli Günbatar ýurtlary tarapyndan Moskwa garşy sanksiýa ýola goýuldy we Sanksiýalary zyýansyzlandyrmaga synanyşmak Eýran bilen Russiýany birleşdiren beýleki sebäplerden bolýandyr.

Soňky ýyllarda Eýranyň Russiýa we käbir beýleki ýurtlar bilen ýakynlygy we hyzmatdaşlygy bu strategiki çeşmesi bolan ýurtlaryň öz baýlyklaryna we bähbitlerine has köp gözegçilik etmekden peýdalanmagy üçin "Gaz OPEK" -iň döremegine sebäp boldy.

Eýran bilen Russiýa hem uzak möhletleýin giňişleýin hyzmatdaşlyk şertnamasyny taýýarlaýar we iki tarap hem gutarnykly iş alyp barýar; SWIFT-den başga maliýe amallary ulgamynyň ulanylmagy we dollara alternatiw walýutalaryň ulanylmagy Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýanyň sanksiýalary zyýansyzlandyrmak meýilnamalarynyň biridir; yakynda Eýranyň Merkezi bankynda Rial-Rubl walýuta jübütiniň söwda nyşany açyldy, bu iki walýuta, Eýran we Russiýa arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine möhüm goşant goşar.

Eýran bilen Russiýanyň arasynda tranzitiň ösmegi we Demirgazyk-Günorta koridorynyň işjeňleşmegi Raşt-Astara demir ýolunyň gurulmagyny talap edýän iki ýurduň möhüm taslamasydyr. Azerbaýjan Respublikasynyň demir ýollaryna birigip, Raşt-Astara demirýol liniýasy, Eýranyň Bandar Abbas we Çabahar portlaryny Russiýanyň Moskwa we Finlýandiýanyň Helsinki şäherlerine birikdirmekde esasy rol oýnap biler.

Ýene degişli makalalar

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
“Altyn top” baýragynyň ýeňijisi Winisius Junior däl-de, Rodri boldy
“Barselona” rekordyna “Realyň” şärik bolmagyna ygtyýar bermedi
28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
PSŽ öňki super ýyldyzyna 55 million ýewro tölemäge borçly edildi
“Real Madridiň” taryhy kembegi