Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde duşuşyk geçirildi

Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde duşuşyk geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde duşuşyk geçirildi. Duşuşykda EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleler boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Ymam Homeýniniň maşgala we maşgalada zenanlaryň orny barada aýdanlary dogrusynda durup geçdi.

Eýran we Türkmenistan maşgalanyň ornuna we aýallaryň jemgyýetdäki ornuna uly ähmiýet berýär. Şunda dürli syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda aýallaryň işjeňligini agzap bolar diýip, Nawid Rasuli belledi.

Duşuşykda Ymam Homeýni barada makala we onuň ýaşlara berýän öwüt-ündewleri, Ymam Homeýni barada goşgular türkmen we pars dillerinde ýerine ýetirildi. Şeýle hem Ymam Homeýniniň öz düzen goşgusy okaldy.

Duşuşygyň dowamynda çärä gatnaşanlara hödür-kerem edildi. Şeýle hem Ymam Homeýni barada we onuň dürli temalarda ýazan kitaplarynyň sergisine aýlanyp görüldi.

Ýene degişli makalalar

Derňew: Türkmenistanda žurnalistiň ölümi pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň öňündäki perdäni açýar
Prestige Home sergiler otagyna ýewropaly öndürijileriň täze mebel nusgalary gelip gowuşdy
Hermitage Home Interiors şowrumy Londonart haryt nyşanly ajaýyp oboýlary tanyş edýär
“Akylly” öý tehnologiýalary ösdüriler
Amir Abdullahýanyň 36-njy Yslam Agzybirligi konferensiýasynyň myhmanlary bilen duşuşygy
Ynkylabyň ýokary lideri: kimdir biri Yslam respublikasynyň berk agajyny ýykmagy galat edip ýadyna alar