Eýranly Serkerde Siriýada Öldürildi

Eýranly Serkerde Siriýada Öldürildi

Ysraýylyň goşuny Siriýanyň paýtagty Damaskyň golaýyna raketaly hüjüm gurady.

Hüjümde Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň Siriýadaky serkerdelerinden Razi Musawi öldi.

Ysraýylyň hüjümine Eýran berk gaýtawul görkezdi.

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi; “Bu jenaýatyň jerimesini hökman çekerler” diýdi.

Eýranyň Daşary işler mi nistri Huseýn Emir Abdullahiýan bolsa sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “Tel-Awiw agyr netijä garaşmaly” diýip, ar alyş hüjüminiň guraljakdygyny duýdurdy.

Ynkylap goragçylarynyň goşunyndan berilen beýannamada bolsa Ysraýyla etmişiniň jerimesiniň çekdiriljekdigi nygtaldy.

Razi Musawiniň 2020-nji ýylda Yrakda ABŞ-nyň hüjüminde öldürilen eýranly general Kasym Süleýmaniniň ýakyn dostlaryndan biridigi bilinýär.

Musawi Siriýada Ynkylap goragçylarynyň goşunynyň “baýry harby geňeşçisi” bolup işleýardi.

Ýene degişli makalalar

BMG, Eýran-Ysraýyl Dartgynlygynyň Möwjemegine Alada Bildirýär
Eýran Ysraýyla garşy hüjüm başlatdy
Türkiye Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky Ilçihanasyna Guran Hüjümini Ýazgardy
Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi
“Eýran Konsullygyna Guralan Hüjüme Degişli Gaýtawuly Görkezer”
Musa Jarullah
Eýrana Hüjüm Meýilnamasynyň Tassyklanandygy Habar Berildi