Eýranly hüjümçi “Interiň” düzümine goşuldy

Italiýanyň çempiony “Inter” topary eýranly hüjümçi Mehdi Taremini düzümine goşdy. Şu ýylyň gyşyndan bäri Taremi bilen “Inter” hem-de “Milan” gyzyklanýardy. “Porto” topary bilen şertnamasy tamamlanan 31 ýaşyndaky Taremi öňümizdäki 4 ýyl “Interde” oýnar.

Taremi “Porto” klubunda 4 möwsümde 182 oýunda 91 gol geçirdi.Taremi ýurdunyň “Şahin”, “Iranjawan”, “Persopolis”, Kataryň “Al-Garafa hem-de Portugaliýanyň “Rio Awe” klublarynyň köýnekçesini geýdi.Ol Eýranyň ýygyndysynda 85 duşuşykda 50 goly derwezä girizdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Antalýadaky Baş konsullygynyň täze hyzmat binasy açyldy
Aliýew we Paşinýan 4-nji gezek özara duşuşyk geçirerler
Türkmenistanda Miras žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Energetika we transport pudagynda Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn özgerişleri derňemek
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny