Eýranly deputat: Tähran-Aşgabat gaz hyzmatdaşlygy Eýrany energiýa merkezine öwrüp biler

Eýranly deputat: Tähran-Aşgabat gaz hyzmatdaşlygy Eýrany energiýa merkezine öwrüp biler

Eýranyň Parlamentiniň Energetika komitetiniň metbugat wekili Malek Şariati Niasaryň duşenbe güni SHANA maglumat toruna beren interwýusynda Türkmenistandan gaz import etmek mümkinçilikden peýdalanyp, ýurt bilen gaz alyş-çalyş möçberini artdyrmagy teklip etdi. Bu barada “Tasnim” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Malek Şariati Niasar ýurdy energiýa merkezine öwürmek hem-de demirgazyk we demirgazyk-gündogar sebitlerinde gaz islegini kanagatlandyrmak üçin Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligine ünsi çekdi.

Eýranyň Parlamentiniň Energetika komitetiniň wekiliniň aýtmagyna görä, Eýranyň Türkmenistandan gaz importy baradaky şertnama ýakyn wagtda gol çekiler we Eýran şu aý türkmen gazyny import edip başlar.

Şeýle hem Malek Şariati Niasar Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji ýurt bolup durýandygyny aýdyp, Eýranyň Merkezi Aziýa ýurdundan günde 40-50 million kub metr tebigy gazy import etmäge mümkinçiliginiň bardygyny belledi.

TASS agentliginiň habar bermegine görä, Eýranyň nebit ministri Jawad Owji çarşenbe güni Iranyň Russiýanyň, Kataryň we Türkmenistanyň gatnaşmagynda ýurduň Pars aýlagynyň demirgazyk kenaryndaky Buşer welaýatynyň Assaluýe senagat sebitinde gaz merkezini döretmegi maksat edinýändiklerini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan-Eýran: 20 million kub metrlik täze gaz şertnamasy baglaşyldy
Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşy badalga aldy
Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyryna gatnaşyjylaryň aglabasy belli boldy
“Ölmegiň wagty däl” filmi pandemiýa döwrüniň iň köp girdejili filmi boldy
UEFA-nyň Çempionlar ligasy: ikinji tapgyryň birinji gününiň netijeleri
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy