1-nji fewralda “Türkmenistanyň Hronikasynyň” jurnalistleri hukuk goraýjy gurluşlaryň Aşgabatda we onuň töwereklerinde Eýrandan neşe gaçakçylygynyň öňüni almak boýunça ýörite çäreleri geçirýändiklerini habar beripdiler.
Şol wagt 30 çemesi adam tutulypdy şol sanda, Bagyr obasynda 5, Gökdepede 13 kişi tutuldy.
Aşgabadyň golaýyndaky bir gonamçylykdan neşe saklanýan gizli ýer tapylypdy we ol ýerde 25 kilogram neşeler saklanypdy. Derňewçileriň pikiriçe, soňky wagtlarda ýurda 300 kilograma golaý neşe maddalary getirildi. Olaryň aglabasy ele salynmady.
“TH-niň” çeşmesiniň habaryna görä, neşe söwdasyna gatnaşygy bolanlary tutmak çäreleri dowam edýär. Tutulanlar görkezme berýärler, olaryň esasynda neşe gaçakçylygyna, ony saklamaga we satmaga gatnaşygy bolan täze şahslar ele salynýar.
Gökje obasynda neşe satýan iki adam tutuldy. “Akdaşaýak” we “Garadaşaýak” obalarynda 5 çemesi adam tutuldy. Ikinji obada 35 kilogram neşe maddalary saklanýan ýer ele salyndy.
Bu obalarda polisiýa itler bilen neşe gözläp teplisalary barlaýarlar.
Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň arasynda ýaýran myş-myşlara görä, hukuk goraýjylaryň we neşe söwdagärleriniň arasynda atyşyklar bolupdyr.Emma, “TH-niň” habarçylary bu maglumaty tassyklamaýarlar.The post Eýrandan neşe gaçakçylygynyň öňüni almak üçin ýörite çäreler dowam edýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.