
Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA tarapyndan berilen habara görä, welaýatyň Sewadkuh etrabynyň häkimi Ramazan Gulami mesele bilen bagly beýannama berdi.
Ramazan Gulami: "Düýn gije Sewadukh etrabynda başdan geçirilen sil apatynda 18 adam ýaralandy" diýip habar berdi.
Tilar derýasynyň joşmagy netijesinde sebitde köp sanda öýe we ekin meýdanlaryna zeper ýeten sil apatynda, 2 adamyň hem dereksiz ýitendigi mälim edildi.
Mazenderan welaýatynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Gulamali Fehari 15 we 45 ýaşlaryndaky 2 zenanyň sil suwunda dereksiz ýitendigini beýan etdi.
Fehari gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýan etdi.