Eýrandaky saýlawlaryň ikinji tapgyry 5-nji iýulda bolar

Eýrandaky saýlawlaryň ikinji tapgyry 5-nji iýulda bolar

Eýranda Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 5-nji iýula bellendi diýip, RIA Nowosti habar berdi.

Dalaşgärleriň hiç biriniň sesleriň köplügini alyp bilmändigi üçin kanun boýunça saýlawlaryň ikinji tapgyry bellendi we ol 5-nji iýulda geçer diýip, ýurduň Saýlaw toparynyň wekili Mohsen Eslami beýanat berdi.

Saýlawçylaryň 24,5 milliondan gowragynyň seslerini sanamagyň netijeleri boýunça reformaçy Masud Pezeşkian öňde barýar, ol sesleriň 10,4 millionyny aldy. Konserwatorçylar ganatdan bolan Said Jalili üçin 9,4 million adam ses berdi.

Dalaşgärleriň sanawyny 206 müň ses alan Mostafa Purmumammedi jemledi.

Şeýlelikde, ikinji tapgyrda Pezeşkian we Jalili bäsleşerler diýlip, habarda bellenýär.

Pezeşkian Eýranyň öňki saglygy goraýyş ministri. Milleti azerbaýjan.Ýeri gelende aýtsak, Eýranda 30 million töweregi azerbaýjanly ýaşaýar we bu ilatyň 40 göterime golaýy diýmekdir.

Ýene degişli makalalar

Pol Kagame Ruandeniň Prezidentligine ikinji möhlete saýlandy
Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi
BMG-niň HG-niň 2025-nji ýylda wagtlaýyn agzalary boljak ýurtlar agzaldy
Türkiýede çakdanaşa yssy howanyň boljakdygyny duýdurdylar
Azerbaýjanda kyrkdan gowrak adam toýda zäherlendi
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň täze hökümet başlygy boldy