Eýranda zäherlenme wakalary dowam edýär

Eýranda zäherlenme wakalary dowam edýär

Sosial mediada paýlaşylan we şu gün alynandygy bellenen materiallarda, Töwriz şäheriniň Zaferaniýe etrapçasynda ýerleşýän Aseman başlangyç synp mekdebindäki okuwçylaryň himiki gaz bilen zäherlenendikleri öňe sürüldi.

Wideo we surat materiallarynda zäherlenme wakasyny eşiden ene-atalaryň mekdebiň öňüne ýygnandyklaryny, bir tiz kömek ulagynyň ol ýerde garaşýandygyny görüp bolýar.

Zäherlenme wakasyndan soň mekdebiň müdüriniň okuwçylaryň daşaryk çykmagyna rugsat bermändigi öňe sürülip, ene-atalar hem çagalarynyň saglyk ýagdaýy bilen bagly hiç hili maglumat alyp bilmeýändikleri sebäpli nägilelik bildirdiler.

Sosial media ulanyjylary, paýlaşan materiallary bilen Kürdistan welaýatynyň Senendej şäherindäki Nesibe liseýinde, Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Urmiýa şäherindäki Ferzangan liseýinde, Elburs welaýatynyň Kerej şäherindäki Muhammed Bakyr liseýinde we Melekzade başlangyç synp mekdebinde okuwçylaryň zäherlenendigini öňe sürdi.

Resmi edardyr-guramalar ady agzalan mekdeplerde näçe adamyň zäherelenendigi ýa-da näme sebäpli zäherlenendigi bilen bagly entek beýanat bermediler.

Eýranda 2022-nji ýylyň 30-njy noýabryndan bäri esasan hem gyz okuwçylaryň we talyplaryň bilim alýan okuw jaýlarynda köpçülikleýin zäherlenme hadysalary başdan geçirilýär.

Zäherlenenlerde dem alyş kynçylyklary, ýürek bulanma, kelle agyry we el-aýaklaryň çişmegi ýaly alamatlar hasaba alyndy.

Häzirki wagta çenli 250-ä golaý okuw jaýynda 5 müňden gowrak okuwçy we talyp zäherlendi.

Eýranyň Içeri işler ministrligi 11-nji martda beren ýazmaça beýanatynda Tähran, Kum, Zenjan, Huzistan, hemedan, Pars, Gilan, Günbatar Azerbaýjan, Gündogar Azerbaýjan, Kürdistan we Rezewi Horasan welaýatlaryndaky mekdeplerde köpçülikleýin zäherlenme wakalary bilen arabaglanşyklydygy öňe sürülen 100-den gowrak adamyň göz tussaglygyna alynandygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Gowy uklamak we uzakly gün özümizi gowy durmak üçin käbir tebigy çözgüt teklipleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Aşgabatda telekeçilik ugry boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji ýokary okuw mekdebiniň taslamasy görkezildi
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi 2025-nji ýylda açylar