
400-den gowrak ýolagçyly otly 12-nji ýanwar gijesi Eýranyň Maşat şäheriniň golaýynda eglendi, muňa rekord derejedäki aýazly howa we gar sebäp boldy diýip, Tasnim habarlar gullugyna salgylanýan MIR 24 habar berdi.
Kum-Maşat ugry boýunça barýan otly ahyrky duralga 40 kilometr galanda, tehniki näsazlyk sebäpli durdy.
Maşat şäheri ýurduň Horasan-Rezawi ülkesiniň dolandyryş merkezi bolup, ol ýere penşenbe gijesi Eýran üçin rekord derejedäki aýazly howa aralaşdy, howanyň temperaturasy -19 gradusdan aşak düşdi.