
Eýranyň Milli seýsmologiýa merkezi tarapyndan berilen habara görä güýç merkezi Huzistan welaýatynyň Endimeşk şäheri bolan 5,4 bal ululygyndaky ýer titreme düýn agşam ýerli wagt bilen sagat 22:25-de başdan geçirildi.
Ýer titreme ýeriň 15 km aşagynda emele geldi.
Endimeşk Krizis dolanşygy merkezinden berilen beýanatda, sebite toparlaryň iberilendigi, emma häzirki wagta çenli hiç hili zeperiň hasaba alynmandygy mälim edildi.