Eýranda Ýene-de 3 Adama Ölüm Jezasy Berildi

Eýranda Ýene-de 3 Adama Ölüm Jezasy Berildi

Eýranda Mahsa Emininiň ýogalmagy sebäpli başlan protest ýörişlerinde “howpsyzlyk işgärlerini öldürmek” bilen aýyplanylýan ýene-de 3 adama ölüm jezasy berildi.

Eýranyň “Mizan” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Yspihanda 16-njy noýabrda geçirlen protest ýörişinde 3 howpsyzlyk işgäriniň öldürilmegi hakynda kazyýe işi gozgalypdy.

Kazyýet topary, 6 adam hakynda gozgalan kazyýet işinde Salih Mir Haşimi Baltaki, Mejid Kazymy Şyh Şabani bilen Said Ýakuby Kurdseflä ölüm jezasyny berdi. Emir Nasyr Azady 26 ýyl, Suheýl Jihangiri hem 2 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Kazyýet işi gozgalan 6 adam biri bolan Jabir Mir Haşimi bolsa aklandy.

Eýranyň paýtagty Tähranda 13-nji senýabrda “ahlak polisi” hökmünde bilinýän Irşad patrullary tarapyndan saklanandan soň ýagdaýy agyrlaşan we hassahanada bejergi astyna alynan 22 ýaşyndaky Mahsa Emininiň 16-njy sentýabrda aradan çykmagy ýurtda protest ýörişleriniň başlamagyna sebäp bolupdy.

Protest ýörişlerinde ýüzlerçe adam ýogaldy, on müňden gowrak adam bolsa saklandy

Mahsa Emini ýörişleri bilen arabaglanlyky häzire çenli ölüm jezasy berlenlerden Muhsin Şakiri 8-nji dekabrda, Mejidryza Rahnewerdi 12-nji dekabrda we Muhammed Mehdi Keremi bilen Seýid Muhammed Hüseýni bolsa 7-nji ýanwarda asylyp öldürildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-iordan geňeşmeleri geçirildi
Eýranda Prezident saýlawynda 7 dalaşgär özara bäsleşer
Eýranyň Mejlisiniň Ozalky Başlygy Larijani Prezidentlige Dalaşgärlik Üçün Ýüz Tutdy
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Dubaýda we Abu-Dabide birnäçe duşuşyk geçirdi
24.11.2019 | Türkmenistanyň Daşary işler ministri BAE-niň resmi adamlarynyň birnäçesi bilen duşuşyk geçirdi