Eýranda, Masha Amini wakalarynda howpsuzlyk gullukçysyny öldürmekde aýyplanylýan Gulamryza Resaýi asylyp öldürildi.
2022-nji ýylda Mahsa Amininiň öldürilmegine garşy geçirlen protest ýörişlerinde polpownik Nadir Beýramy öldürmekde aýyplanylýan we özlüm jezasy berlen Gulamryza Resaýin asylyp öldürildi.
Eýranly talyplaryň ISNA habarar gullugynyň berýän habaryna görä, Mahsa Amini ýörişlerinde polpownik Beýramy pyçaklandygy sebäpli tussag edilen we ölüm jezasy berlen Resaýi Kermanşah şäherindäki tussaghanada asylyp öldürildi.
Kazyýet 7-nji sentýabrda Resaýa ölüm jezasyny beripdi.
Eýranyň paýtagty Tähranda 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda “ahlak polisi” tarapyndan saklanandan soň syrkowlan we hassahanada bejergi astyna alynan 22 ýaşyndaky Mahsa Amini 3 gün soň aradan çykypdy.
Amininiň ýogalmagy sebäpli dogduk dyýary Sakkyzda 2022-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda başlan ýörişler ýurduň çar tarapynda hökümete garşy protest ýörişlerine öwrülipdi.
Birnäçe aý dowam eden wakalarda 500 protestçy bilen 100-den gowrak howpsuzlyk gullukçysy ýogalypdy.