Eýranly Talyplar habarlar agentligi tarapyndan berilen habara görä, Mazenderan Kazyýet-lukmançylyk edarasynyň baş müdiri Ali Abbasi, welaýatda metil alkogoldan gözbaş alýan güýçli zäherlenme zerarly 21 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Ýogalanlaryň 18-siniň erkek, üçüsiniň zenandygyny aýdan Abbasi, metil alkogol içmegiň körlüge, böwrek ýetmezçiligine we ölüme sebäp bolýandygyny ýatlatdy.
Mazenderan Saglygy goraýyş ylymlary uniwersitetiniň Bejergi bölüminiň başlygy Resul Zafermend bolsa, metil alkogol içmek sebäpli 284 adamyň zäherlenme alamatlary bilen hassahana ýüz tutandygyny mälim etdi.
Eýranly lukman olaryň 4-siniň gözleriniň görüş ukybyny ýitirendigini we 81-niň hem böwrek ýetmezçiligi sebäpli bejergi almaga başlandygyny aýan etdi.
Alkogolyň gadagan edilen Eýranda, gizlin ýasalýan ýasama içgilerde käwagt etil alkogolyň ýerine has arzan bolanlygy sebäpli metil alkogol ulanylýandygy we munuň hem ölümlere we gözüň görmegini ýitirmegine sebäp bolýan zeherlenmelere eltýändigi habar berildi.