Eýranda Protest Aksiýalary Dowam Edýär

Eýranda Protest Aksiýalary Dowam Edýär

Ýerli çeşmelerden alynan maglumatlara görä Töwrizde içeri işler bölüminiň gullukçylarynyň mejbury çadyra düzgünine garşylyk görkezmek üçin başy açyk gezýän 3 zenany saklamaga synanşmagy agşam ara protest aksiýalarynyň geçirilmegine sebäp boldy.

Zenanlar raýatlaryň goldaw bermeginde gullukçylardan halas edilen bolsa, Töwriziň uly bazarynyň golaýynda ýygnanşan mähelle, dolanşyk ulgamyna garşy şygarlar aýdyp, ýoly gatnawa ýapdy.

Wakalaryň dowamynda polis gullukçylary bilen raýatlaryň arasynda dartgynlyk ýüze çykan bolsa, ulaglaryň sürüjileri aksionerlere goldaw berdi.

13-nji sentýabrda paýtagt Tähranda “ahlak polisi” atlandyrylýan İrşad patrullary tarapyndan saklanandan soň hassahana getirilen 22 ýaşly Mahsa Amininiň 16-njy sentýabrda ölmegi ýurtda uly dartgynlygyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy.

Amininiň 17-nji sentýabrda Sakkyz şäherinde jaýlanmagyndan soň başlan ýörişler, birnäçe şähere ýaýrapdy.

Eýranyň Adam hukuklary aktiwistleri gullugynyň habarnamasynda, protest aksiýalarynda 17-nji sentýabr bilen 14-nji oktýabryň aralygynda 32 sanysy çaga, 26 sanysy howpsuzlyk gullukçysy jemi 233 adamyň aradan çykandygy öňe sürülipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýerewandaky Protest Aksiýalarynda 151 Adam Saklandy
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi
Gresiýada NATO Garşy Protest Aksiýasy Geçirildi
Gruziýada Protest Aksiýalary Dowam Edýär
Türkiyäniň Yrak serhedinde PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Toý hyzmatlaryny guraýan Ak kepderi kärhanasy uly aksiýa yglan edýär
NG Kutahya dükanynda ähli önümlere 50%-e çenli arzanladyş yglan edildi