Eýranda Prezident Saýlawynyň Ikinji Tapgyry Geçirilýär

Eýranda Prezident Saýlawynyň Ikinji Tapgyry Geçirilýär

Eýranyň halky prezident saýlawynyň ikinji tapgyry üçin ses berýär.

Saýlawda reformaçy dalaşgär Töwrizli halk deputaty we ozalky Saglygy goraýyş ministri Mesud Pezeşkiýan bilen konserwator dalaşgär Milli Howpsuzlyk geňeşiniň ozalky baş sekretary Said Jelili bäsleşýär.

Ýurduň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý paýtagt Tähranda ses berdi.

Içeri işler ministrliginiň Saýlaw merkeziniň görkezijilerine görä 88 million ilatly ýurtda 62 milliona golaý saýlawçy 59 müňden gowrak saýlaw merkezinde ses berer.

Eýranyň raýatlary 95 ýurtda gurlan saýlaw merkezlerinde ses berip biler.

Ýerli wagt bilen 08.00-da başlan saýlaw sagat 18.00-a çenli dowam eder.

Eýranda prezident 4 ýyl möhlet bilen iş alyp barar we yzly yzyna iki gezek bu wezipä saýlanyp biler.

Ýene degişli makalalar

Eýrandaky saýlawlaryň ikinji tapgyry 5-nji iýulda bolar
Şu gün Eýranda Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry başlady
Eýranda Prezident saýlawlarynda öňdeligi eýeleýän dalaşgär belli boldy
Eýranda 37 adam Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik etmek isledi
Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar berkidiler
Eýran Ermenistany goldady