Eýranda Prezident saýlawynda 7 dalaşgär özara bäsleşer

Eýranda Prezident saýlawynda 7 dalaşgär özara bäsleşer

Eýranyň resmi agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä, Konstitsiýanyň Goragçylary Geňeşiniň metbugat sekretary Abbas Ali Kedhodaýi, Prezident saýlawyna dalaşgär boljak dalaşgärleriň ýüz tutmaklary bilen baglanşykly beren beýanatynda: "Prezident saýlawyna gatnaşmak üçin ýüz tutan diňe 7 dalaşgär Geňeş tarapyndan tassyklandy" diýip habar berdi.

Saýlawlarda dalaşgär bolmak isleýanleriň režime baglylyklary bilen syýasy, ahlak we dini geçmişini derňeýän Geňeşiň, tassyklanan dalaşgärleriň atlaryny Içeri işler ministrligine berendigini aýdan Kedhodaýi, dalaşgärleriň atlarynyň ministrlik tarapyndan aýan ediljekdigini mälim etdi.

Kedhodaýi dalaşgärlikleri tassyklanan adamlaryň atlaryny aýan etmesede ýarym resmi Fars habarlar agentligi, konserwatiw şahsyýeti bilen tanalýan Kazyýet organynyň ýolbaşçysy Ibrahim Reisi, Ynkylap goragçylarynyň goşunynyň ozalky Baş serkerdesi Muhsin Ryzai, Milli Howpsuzlyk geňeşiniň ozalky Baş sekretary we Ýadro gepleşikleriniň Baş wekili Said Jelili, deputat Emir Hüseýin Kadyzade Haşimi we ozalky deputat Ali Ryza Zakani ýaly adamlara dalaşgärligiň berilendigini habar berdi.

Reformist şahsyýeti bilen tanalýan adamlardan bolsa Prezidentiň ozalky orunbasary we Yspyhan welaýatynyň ozalky gubernatory Muhsin Mihralizade bilen Merkezi bankyň başlygy Abdunnasyr Himmetiniň hem dalaşgärlik rugsatlarynyň çykandygy mälim edildi.

Eýranyň ýarym resmi agentligi FARS-yň berýän habaryna görä, ýurdyň ozalky Prezidenti Mahmud Ahmedinežadyň, Mejlisiň ozalky başlygy Ali Larijaniniň we Prezidentiň birinji orunbasary Ishak Jihangiriniň bolsa Prezidentlik dalaşgärlikleriniň weto edilendigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda Ýas Çäreleri Geçirilýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Eýranyň Mejlisiniň Ozalky Başlygy Larijani Prezidentlige Dalaşgärlik Üçün Ýüz Tutdy
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Dubaýda we Abu-Dabide birnäçe duşuşyk geçirdi
24.11.2019 | Türkmenistanyň Daşary işler ministri BAE-niň resmi adamlarynyň birnäçesi bilen duşuşyk geçirdi