Eýranda Prezident saýlawlarynda öňdeligi eýeleýän dalaşgär belli boldy

Eýranda Prezident saýlawlarynda öňdeligi eýeleýän dalaşgär belli boldy

Eýranyň öňki saglygy goraýyş ministri Masud Pezeşkiýan ýurtda Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda öňdeligi saklaýar. Bu barada Eýranyň Saýlaw toparynyň başlygy Mohsen Eslami habar berdi diýip, Tasnim habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Eslaminiň maglumatlaryna laýyklykda, sesleriň 2 547 381-si sanalanda, Pezeşkiýan öz garşydaşy, eýranly konserwatorlaryň wekili Said Jaliliden biraz öňde barýar.

Masud Pezeşkiýan 1 263 874 , Said Jalili 1 244 640 ses aldy diýip, Eslami aýtdy.

Ses sanalyşyk dowam edýär, resmi habar gijräk yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

Pezeşkiýan ýakyn günlerde kasam kabul eder
Eýranda Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin ilkinji zenan bellige alyndy
Eýran Russiýadan günde 9 million kubmetr tebigy gazy import eder
Eýranda ýer titreme boldy
Gurban Berdiýewiň Eýranly kluba ýolbaşçylyk etmegi ähtimal
Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor klubuna tälimçi bellenilip bilner