Eýranda Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin ilkinji zenan bellige alyndy

Eýranda Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin ilkinji zenan bellige alyndy

Zöhre Elahiýan Eýranda geçjek Prezident saýlawlarynda resmi bellige alnan ilkinji zenan dalaşgär boldy. Bu barada 24KZ habar berýär. Elahiýanyň saýlaw tutumynyň çagyryşy Sagdyn hökümet, sagdyn ykdysadyýet we sagdyn jemgyýet diýlip atlandyrylýar.

Düýn, 3-nji iýunda Eýranyň Prezidentiniň möhletinden öň geçýän saýlawlaryna gatnaşjak dalaşgärleri hasaba almagyň tamamlanandygy resmi habar berildi. Bu barada ýurduň Tasnim habarlar gullugyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Habarda saýlawlara gatnaşmak üçin 80 adamyň bellige alnandygy aýdylýar.

Dalaşgärleriň resmi sanawy 11-nji iýunda çap ediler. Saýlawlar 28-nji iýunda geçer.

Ýene degişli makalalar

Eýranda Prezident saýlawlarynda öňdeligi eýeleýän dalaşgär belli boldy
Raisi: Eýranyň howpsuzlygy we abraýy halkyň berk durmagyna bagly
Eýran Russiýadan günde 9 million kubmetr tebigy gazy import eder
Eýranda ýer titreme boldy
Gurban Berdiýewiň Eýranly kluba ýolbaşçylyk etmegi ähtimal
Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor klubuna tälimçi bellenilip bilner