
Eýranyň Günorta Horasan ülkesinde ýolagçy otlusy demir ýoldan agyp, 13 adam pida boldy, 50 ýolagçy şikes aldy. Bu barada şu gün, 8-nji iýunda Tasnim habarlar gullugy habar berdi diýip, iz.ru saýty ýazýar.
Otly Maşatdan Ýezd şäherine barýardy, irden ýerli wagt bilen 5:30-da otly Tabas şäheriniň golaýynda demir ýoldan çykdy. Ýerli häkimiýetleriň habaryna görä, ol ekskawator bilen çaknyşdy we dört wagon relslerden çykdy.
Hadysanyň bolan ýerine dikuçarlardyr Tiz kömek ulaglary ugradyldy.