Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän Gilan welaýatynda neşekeşleriň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda 32 adam ýogaldy, 4-i agyr 16 adam hem ýaralandy.
Welaýat häkimliginden berlen beýannamada, ýangyna hassahanadaky suw gyzdyryjynyň sebäp bolandygy nygtaldy.
Ýangyn bilen arabaglanşykly hassahananyň müdüri hakynda derňew işiniň gozgalandygy ýatladyldy.