Eýranda Howanyň Hapalygy Sebäpli Müňlerçe Adam Ýogaldy

Eýranda Howanyň Hapalygy Sebäpli Müňlerçe Adam Ýogaldy

“Eýranly talyplar” habalar gullugynyň (İSNA) habar bermegine görä Eýranyň Mejlisiniň Daşky gurşaw toparynyň Başlygy Sumeýýa Rafii paýtagt Tähranda howanyň hapalygy sebäpli çekilýän ýitgi hakynda beýannama berdi.

Howanyň hapalanmagynyň ýurda düşýän gymmatynyň göz öňünde tutulýanyndan has uludygyny beýan eden Rafii; “Bütindünýä bankynyn habarnamasyna görä 2021-nji ýylda ýurtda 41,700-den gowrak adam howadaky 2,5 mikrondan kiçi partikül madda sebäpli ýoğaldy” diýdi.

Rafii howanyň hapalanmagynyň ýurda ýetiren zyýanynyň 7-11 milliard dollar aralygyndadygyny beýan edip, beýleki ýitgileriň bolsa heniz kesgitlenmändigine ünsi çekdi.

Rafii ýurtda täze ýylyň başlaýan güni bolan 21-nji martdan bäri Tähranda howanyň hil indeksi taýdan saglyga zyýanly günleriň sanynyn geçen ýylyň degişli döwrüne görä 2 esse artandygyny aýtdy.

Rafii; “Gynansagam şu ýyl tähranlylar 2 gün, Yspyhanyň, Kerejiň, Ahwazyň we Eragyň halky bolsa 1 gün arassa howadan dem aldylar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda Howanyň Hapalygy Gündelik Durmuşa Ýaramaz Täsirini Ýetirýär
Eýranda Howanyň Hapalanmagy Sebäpli Döwlet Edaralarynyň Işi Bes Edildi
200 filmde surata düşen hindi aktrisasy aradan çykdy
Aşgabatda zir-zibil dörýän adamlar köpeldi, paýtagt ýaşaýjylary azygy gaba salyp galdyryp başlady
Nyýazow keselhanasynda heläkçilikden soň liftler bejerilmedi
Syçan ýylynyň öňýany Aşgabatda gemrijiler köpeldi