Eýranyň Kazyýet organynyň metbugat sekretary Asgar Jihangir, Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýeniň janyna kast edilmegi bilen bagly häzirki wagta çenli hiç kimiň göz tussaglygyna alynmandygyny habar berdi.
Eýranyň döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä Asgar Jihangir, paýtagt Tähran şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda, Heniýýeniň janyna kast edilmeginden soň başladylan derňew tapgyry barada maglumat berdi.
Asgar Jihangir: "Käbir gazetlerde we sosial media ulgamlarynda göz tussaglygyna alynanlaryň bardygy barada maglumatlar bar. Entek bu kazyýet işi bilen baglanşykly hiç hili göz tussaglygy bolmady" diýip habar berdi.
Wakanyň edil yz ýanynda Ýaragly güýçleriniň Kazyýet başlygynyň buýrugyna laýyklykda harby prokuraturanyň derňew başladandygyny we delilleri ýygnamak tapgyrynyň dowam edýändigini aýdan eýranly resmi, derňew işiniň tamamlanmagyndan soň beýannama beriljekdigini mälim etdi.
Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýe 31-nji iýulda Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde öldürilipdi.