Eýranda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy

Eýranda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy

Eýranyň Kirman şäherinde öňňin guralan terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ öz üstüne aldy.

Terror guramasy bilen arabaglanşykly töwerekleriň Telegramdan berlen habarnamasynda, Eýranda guralan terrorçylykly hüjümleriň “kamikaze hüjümidigi” nygtaldy.

Beýannamada, Kirmanda Kasym Süleýmaniniň mazarynyň golaýynda iki bombaçynyň guran hüjümlerinde 300 adamyň nyşana alynandygy bellenildi.

ABŞ-nyň 2020-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda Yragyň paýtagty Bagdatda guran hüjüminde ýogalan Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň Iýerusalim güýçleriniň ozalky serkerdesi Kasym Süleýmaniniň aradan çykmagynyň 4-nji ýylynda Kirman şäherindäki gubyrynyň golaýynda iki partlama bolupdy.

Hüjümlerde 84 adam ýogalypdy, 284 adam hem ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Eýranda Guralan Terrorçylykly Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 95 Adama Ýetdi
Prezident Erdogan eýranly kärdeşi Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Eýrandaky terrorçylykly hüjümde 84 adam ýogaldy
Hakan Fidan, Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Ýunus Emre we onuň edebi dünýämizde tutýan orny
Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýannama berdi