Eýranda guralan hüjümde 5 adam ýogaldy

Eýranda guralan hüjümde 5 adam ýogaldy

Eýranyň ýarym resmi habar gullugy Tesnim tarapyndan berilen habara görä, Sistan-Belujistan welaýatynyň Pakistan serhedindäki Serawan şäherinde Besij diýip tanalýan Ynkylap goragçylar goşunynyň çägindäki ýerli howpsuzlyk gullukçylaryna hüjüm guraldy.

Hüjümde asly buluç bolan eýranly 5 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy.

Hüjümçileriň tussag edilmegi üçin sebite ýörite harby toparlar gönükdirildi.

Pakistan serhedindäki Sistan-Belujistan welaýatynyň Tefta sebitinde 26-njy oktýabrda serhet goragçylaryna sebitde ýygy-ýygydan hüjümler guraýan Jeýşul Adl atly gurama tarapyndan guralan hüjümde 10 howpsuzlyk gullukçysy ýogalypdy.

Hüjümden soň Eýran sebitde giň gerimli operasiýa başladypdy. Operasiýada guramanyň köp sanda agzasynyň öldürilendigi, belli bir böleginiň bolsa tussag edilendigi habar berilipdi.

Ýene degişli makalalar

“Gazada Hüjümler Gyssagly Bes Edilmeli”
“Ysraýylyň Hüjümleri Bes Edilýänçä Halkara Derejesinde Çetleşdirilmegi Diýseň Möhüm”
“Gazada Hüjümleriň Gyssagly Bes Edilmegi Üçin Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berýärin”
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
“Penje Gulp” Operasiýasy Zolagyndan Şehit Habary Geldi
Rus sungat işgäri Türk Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine haýran galdy