Eýranda güýçli ýertitreme bolup geçdi

Eýranda güýçli ýertitreme bolup geçdi

Çarşenbe güni Eýranyň günorta sebitinde 5,2 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi. Bu babatda day.az neşiriniň habar berşi ýaly, bu ýertitremede seýsmiki sarsgynyň merkezi Hormozgan welaýatyndaky Çarak portunyň golaýyna düşüpdir. Ýertitremäniň çeşmesi 8 kilometr çuňlukda ýerleşýär diýlip bellenilýär.

Neşiriň berýän maglumatlaryna laýyklykda, ýertitremäniň bolan sagatlarynda bu ýerde seýsmologlar tarapyndan magnitudasy 4,0 derejeden ýokary bolan dört sany sarsgyn hasaba alnypdyr. Hadysanyň ýetiren zyýanlary barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzda bolan ýol hadysalarynyň biri adam pidasyna getirdi
Ertir “planetalaryň ýörişi” bolar
Gonkongda meşhur ýüzýän garbanyşhana gark boldy
Eýranda otly demir ýoldan agyp, 10-dan gowrak adam heläk boldy
Russiýanyň Polşadaky ilçisi boýagly hüjüme sezewar galdy
Nepalda güýçli ýer titreme boldy