Eýranda geçjek Prezident saýlawlarynda alty syýasatçy dalaşgärlik eder

Eýranda geçjek Prezident saýlawlarynda alty syýasatçy dalaşgärlik eder

Eýranda ýurduň Prezidentiniň saýlawlarynda dalaşgärlik etjek syýasatçylaryň talaplara laýyklygyny barlamak işleri tamamlandy. Netijede, saýlawlara alty syýasatçy gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu barada Eýranyň döwlet teleýaýlymynda Geňeşiň resmi wekili Hadi Tahan-Nazif habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Şu gün 14-nji Prezident saýlawlaryna gatnaşjak dalaşgärleriň talabalaýyklygyny barlamak işleri tamamlandy diýip, Tahan-Nazif aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Prezident saýlawlaryna Mejlisiň başlygy Mohammad Bager Galibaf, Tähranyň häkimi Alireza Zakani, Yslam Respublikasynyň howpsuzlyk geňeşiniň ruhy lideriniň wekili Said Jalili, parlamentiň öňki deputaty

Masud Pezeşkian, Içeri işler ministrliginiň öňki başlygy, Prezidentiň orunbasary Amir-Hoseýn Gazizade-Haşemii we öňki ýustisiýa ministri Mostafa Purmohammadi gatnaşarlar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Pezeşkiýan ýakyn günlerde kasam kabul eder
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Yzly-yzyna 5 Olimpiadada çempionlyk gazanan ilkinji türgen
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Hakan Fidan ertir Özbegistana sapar gurar