Dik uçar heläkçiliginde ýogalan Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan we beýleki ýolbaşçylar üçin paýtagt Tähranda jynaza namazy okaldy.
Tähran uniwersitetinde geçirlen çärede jynaza namazyny Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý okatdy.
Jynaza namazyna az sanly adayň gatnaşmagyna rugsat berildi.
Namazdan soň Azadi meýdanynda geçiriljek jynaza çäresine gatnaşmak üçin ýüz müňlerçe adam hem uniwersitetiň ýanyndaky Ynkylap meýdanynda bir ýere jemlenişdi.
Ynkylap meýdanynda geçiriljek jynaza çäresinden soň Prezident Rasiniň tabydy jaýlanjak ýeri bolan Maşad şäherine alnyp gidiler.
Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bolsa paýtagt Tähranda jaýlanar.