Eýranda çöken bina sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Eýranda çöken bina sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Mehr habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Eýranyň Krizis dolanşyk guramasynyň başlygy Muhammed Hasan Nami, Huzistan welaýatynyň Abadan şäherinde çöken 10 gatly bina bilen bagly soňky maglumatlary paýlaşdy.

Nami: "Abadan şäherinde binanyň çökmegi netijesinde ýogalanlaryň sany 11 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 32 adama ýetdi" diýip habar berdi.

Ýumrulmak howpy sebäpli golaýdaky binalarda ýaşaýan binalaryň hem boşadylandygyny aýdan eýranly resmiler, çöken binanyň golaýynda gazylan tuneller bilen ýer zemin gatyna çykmaga synanyşýandyklaryny mälim etdiler.

Harabalyklaryň arasynda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Beýleki tarapdan Huzistan welaýatynyň baş prokurory Sadyk Jafari Çegeni binanyň ýumrulmagy bilen bagly göz tussaglygyna alynanlaryň sanynyň 10 adama ýetendigini aýan etdi.

Huzistan welaýatynyň Abadan şäherinde düýn günortan Tehlenji Emiri etrabynda gurluşygy dowam edýän 10 gatly Abadan Metropol işewürler merkeziniň binasy çöküpdi.

Eýranyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Halas ediş bölüminiň başlygy Mehdi Welipur, harabalyklaryň aşagynda 80 adamyň bardygyny çak edýändiklerini habar berdi.

Wakadan soň binanyň eýesiniň we potratçynyň göz tussaglygyna alynandygy beýan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda ýertitreme boldy
TRT World Forum-2024 Stambulda Geçirler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Aragatnaşyk Ulgamy Döredildi
“Halkara Azyk Krizisiniň Çözülmegi Üçin BMG, Ukraina we Russiýa Bilen Aragatnaşyk Saklaýarys”
Eýrandaky sil apatynda ekin meýdanlaryna zyýan ýetdi