Eýranly we italiýaly arheologlar topary Eýranyň günorta-gündogarynda dodak boýaýynyň gabyny tapdylar, ol biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllygyň birinji ýarymy bilen senelendi diýip, MIR 24 ýazýar.
Tapyndy hloridiň mineralyndan ýasalyp, haşamlanypdyr. Alymlar onuň içindäki galyndyny alyp, mikroskopik we himiýa taýdan seljerdiler.
Alnan netijeler gaba dürli owradylan minerallardan ýasalan goýy-gyzyl reňkiň guýlandygyny görkezdi, onuň düzüminde ýakymly ys beriji serişde hem bar eken.
Barlaglar reňkiň biziň eýýamymyzdan öňki 1936-1687-nji ýyllar aralygynda ýasalandygyny subut etdi. Alymlar onuň dodaga çalmak üçin ulanylandygyny aýdýarlar diýip, Scientific Reports neşiri ýazýar.