Eýranda Bolan Awtobus Heläkçiliginde Pakistanly 28 Adam Ýogaldy

Eýranda Bolan Awtobus Heläkçiliginde Pakistanly 28 Adam Ýogaldy

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, pakistanlylary alyp barýan awtobus Ýezd welaýatyndaky Dehşir-Teft awtoulag ýolunda heläkçilige uçrady.

Awtobusyň agdarylmagy sebäpli pakistanly 28 adam ýogaldy, 14-i agyr bolmak bilen 23 adam hem ýaralandy.

51 pakistanlynyň Kerbela şäherinde Ebrain çärelere gatnaşmak üçin Yraga barýandygy nygtaldy.

Hezreti Muhammediň agtygy Hezreti Hüseýin bilen ýanyndakylar 680-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda şehit edilipdi.

Kerbela şehitleri her ýyl Aşura gününde uly hormat bilen hatyralanýar.

Aşura gününden 40 gün soň geçirilýän çärelere “Erbain” (kyrkynjy gün) ady berilýär.

Şu ýylky Erbain çäreleri 25-nji awgustda geçirler.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär
Eýranda Dik Uçar Heläkçiliginde Ýogalanlar Üçin Jynaza Çäreleri Geçirilýär
Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy
Hindistanda Bolan Awtobus Heläkçiliginde 23 Adam Ýogaldy
Meksikada awtobusyň agdarylmagy netijesinde 18 adam ýogaldy
Nigeriýada Ýolagçy Awtobusy Heläkçilige Uçrady