Eýranda Aşa Yssy Howa Sebäpli 2 Gün Dynç Yglan Edildi

Eýranda Aşa Yssy Howa Sebäpli 2 Gün Dynç Yglan Edildi

Cehromi habarnamasynda; “Şu günlerde deňi taýy görülmedik yssy howa sebäpli raýatlaryň saglygyny goramak maksady bilen Saglygy goraýyş ministrliginiň ýurt boýunça çarşenbe we penşenbe günleri dynç alyş yglan edilmegi hakyndaky teklibi Ministrler kabineti tarapyndan kabul edildi” diýip ýazdy.

Soňky hepdelerde aşa yssy howa sebäpli agyr günleri başdan geçirýän Eýranda, ertir ýurduňb günorta günbataryndaky käbir şäherlerde howanyň ýylylygynyň 51 gradusa ýetcekdigi çaklanylýar. Paýtagt Tähranda bolsa howanyň ýylylygy 40 gradus bolar.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministri Behram Eýnullahi hökümete howanyň ýylylygynyň 40 gradusdan geçýän ýerinde dynç alyş yglan edilmegini teklip edipdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda Aşa Yssy Howa Sebäpli 1 Günlük Dynç Alyş Yglan Edildi
8-nji Dekabr Siriýada “Milli Baýram” Hökmünde Yglan Edildi
Gazagystanda Tokaý Ýangyny Sebäpli Şu Gün Milli Ýas Yglan Edildi
Bremende 10 Türk Halk Deputatlygyna Saýlandy
Eýran, Azerbaýjanly 4 Diplomady “Islenmeýän Adam” hökmünde Yglan Etdi
Peruda Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi