Eýranda Aşa Yssy Howa Sebäpli 1 Günlük Dynç Alyş Yglan Edildi

Eýranda Aşa Yssy Howa Sebäpli 1 Günlük Dynç Alyş Yglan Edildi

Eýranyň paýtagty Tähranda aşa yssy howa sebäpli döwlet eýeçiligindäki edaradyr-kärhanalarda 1 günlük dynç alyş yglan edildi.

Eýranyň hökümeti tarapyndan kabul edilen kararyň ýurtda täsirini dowam etdirýän aşa yssy howa sebäpli halkyň saglygynyň goralmagyny we elektrik togyny tygşytlamagy maksat edinýändigi nygtaldy.

Karara laýyklykda ýardam hyzmatlaryndan daşary Tähran we Elburz welaýatlarynda döwlet eýeçiligindäki ähli edaradyr-kärhanalar we banklar ýapyk bolar.

13 welaýatda bolsa döwlet eýeçiligindäki ähli edaradyr-kärhanalar ýerli wagt bilen 06.00-10.00 aralygynda hyzmat eder.

Eýranyň günortasynda käbir sebitlerde howanyň ýylylygy 50 gradusa çenli baryp ýetdi.

Eýranda 26-27-nji iýulda hem aşa yssy howa sebäpli dynç alyş yglan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Gresiýada 4 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi
Moskwada we 2 Sebitde “Terrorizme Garşy Göreş” Dolanşygy Yglan Edildi
Serbiýada Sil Apaty Sebäpli Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi
Gazagystanda Tokaý Ýangyny Sebäpli Şu Gün Milli Ýas Yglan Edildi
Bremende 10 Türk Halk Deputatlygyna Saýlandy
Eýran, Azerbaýjanly 4 Diplomady “Islenmeýän Adam” hökmünde Yglan Etdi