Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä, energiýa ýetmezçiligini azaltmak üçin birnäçe şäherde mekdepler ýapylyp, käbir şäherlerde okuw sanly ulgama geçirildi.
Elektrik we gaz üpjünçiligi kynçylygyny başyndan geçirýän Eýranda, ýurduň prezidenti Mesud Pezeşkiýan we beýleki hökümet resmileri ilatdan öýlerdäki kotýollary 2 dereje peseltmekleri barada çagyryş berdiler.
Gaz sarp edilişini azaltmaga we ýokary sarp ediliş sebäpli ýüze çykýan gaz basyşy meselesini çözmäge gönükdirilen çagyryşlardan soň, düýn Eýranyň Daşary işler ministrliginde geçirilen hepdelik metbugat ýygnagynda kotýollaryň derejesi peseldildi.
Energiýa meselesi we sowuk howa sebäpli Erdebil, Günbatar Azerbaýjan, Simnan, Gülistan, Demirgazyk Horasan, Rezewi Horasan, Mazendaran, Zenjan, Kürdistan we Kirmanşah welaýatlarynda ähli bilim ojaklaryna arakesme berildi.
Kum welaýatynda başlangyç, orta we liseý synplaryndaky okuw jaýlary, Pars welaýatynda bolsa başlangyç synp mekdepler dynç alyşa ugradyldy.
Wise-prezident Muhammed Jafer Kaimpenah käbir senagat zolaklarynda zawodlaryň we ussahanalaryň işiniň tebigy gazyň ýoklugy sebäpli bes edilendigini habar berdi.
Kaimpenah: "Ýurduň demirgazygynda, demirgazyk-gündogarynda we demirgazyk-günbataryndaky senagat zolaklarynyň aglabasyny adamlar üşemesin diýip ýapmaga mejbur galdyk" diýdi.
Ýurduň köp şäherlerinde howanyň hapalanmagy sebäpli ýylylyk elektrik stansiýalarynda dizel ýangyjynyň sarp edilmeginiň gadagan edilmegi sebäpli zerur elektrik energiýasynyň mukdary artdy.
ABŞ-nyň Energetika maglumatlar edarasynyň maglumatlaryna görä, Russiýa 47 trillion kub metr bilen subut edilen iň uly tebigy gaz gorlaryna eýedir, Eýran bolsa 34 trillion kub metr gaz ätiýaçlyklary bilen dünýäde ikinji orunda durýar.