Eýranda 37 adam Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik etmek isledi

Eýranda 37 adam Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik etmek isledi

Azyndan 37 adam Eýranda möhletinden öň geçiriljek Prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak isledi, emma olaryň diňe ýedisi saýlaw kanunçylygyna laýyk görüldi. Bu barada ýurduň Saýlaw edarasynyň başlygy Mohammad Tagi Şahçeragi IRIB teleýaýlymynda gürrüň berdi diýip, TASS ýazýar.

Şahçeragi şeýle-de saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýänlere gyssanmagy maslahat berdi, sebäbi dalaşgärleri resmi bellige almak öňdäki duşenbede tamamlanýar.

Öň Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin Mejlisiň öňki başlygy Ali Larijani, Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hameneiniň wekili Said Jalili, Eýranyň parlamentiniň iki deputaty Mohammad Sabagiýan we Abbas Mogtadai, şeýle-de öňki deputatlaryň üçüsi hasaba alyndy.

Saýlawlara dalaşgärleri hasaba almak 3-nji iýuna çenli dowam eder. Gatnaşjaklaryň gutarnykly sanawy 11-nji iýunda çap ediler.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň täze saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy 30-njy iýulda bolar
Abbas Aragçi Eýranyň täze daşary işler ministri bolup biler
Şu gün Eýranda Prezident saýlawlary geçýär
Fransiýada parlament saýlawlarynyň birinji tapgyry geçdi
Azerbaýjanyň Prezidenti parlamenti ýatyrdy
Eýran Ermenistany goldady